Türkmenistanyň Mejlisinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylýar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hökümetiň 24-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagyny, saýlawlaryň kämilleşdirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär.