Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň ilkinji sany çap edildi

Täze neşir üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilendir. Üç aýda bir gezek çap edilýän edebi-çeper, ylmy-populýar žurnal dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmenleriň adamzat medeniýetiniň ösüşine goşan saldamly goşandy, kämil maddy we ruhy gymmatlyklary, ruhy-ahlak ýörelgeleri baradaky söhbetler ýerleşdirilendir. Täze neşirde türkmen medeniýetinde we sungatynda, syýahatçylyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler hem aýdyň şöhlelendirilýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýänler üçin täze neşir özboluşly ýolbelet bolar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector