SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň kuraş boýunça zenanlar ýygyndysy Türkmenabatda türgenleşýär

Türkmenistanyň kuraş boýunça zenanlar ýygyndysy şu günler baş tälimçi Şirin Kubaýewanyň ýolbaşçylygynda Türkmenabat şäherindäki Köpugurly sport toplumynda türgenleşýär.

Tälimçi türgenleşikler üçin gyzlaryň 25-sini çagyrdy. Olaryň agramly bölegi häzirki wagtda Lebap welaýatynda türgenleşýän ýa-da tälim berýän gelin-gyzlar bilen birlikde kuraşyň Lebap mekdebiniň uçurymlarydyr.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýan türgenleriň 16-sy şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşdyrylmak üçin saýlanyp alnar.

Baş tälimçi türgenleşikleri hepdäniň alty gününde, her gün hem iki wagtyna geçirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: