SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň Kubogyny ugrundaky bäsleşigiň ýarym final we final duşuşyklary dekabrda geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym final duşuşyklarynyň geçiriljek ýerlerini belli etmek üçin bije çekildi, diýip Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Ýeri gelende bellesek, çärýekfinalyň netijesinde ýarymfinal duşuşyklarynda «Altyn Asyr» — «Ahal» hem-de «Şagadam» — «Köpetdag» toparlary duşuşmaga mümkinçilik aldylar. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Ýarymfinal duşuşyklary «Altyn Asyr» hem-de «Şagadam» toparlarynyň meýdançalarynda geçiriler.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinalynyň oýunlary 7-nji dekabrda geçiriler. Final oýny bolsa 22-nji dekabrda geçiriler.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinal hem-de final duşuşyklarynyň ýeňijileriniň bir oýnuň netijesinde kesgitlenýändigini ýatladýarys.

Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-siniň («Altyn Asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik», «Köpetdag») gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýarymfinal duşuşklary:

7-nji dekabr

«Altyn Asyr» — «Ahal»

«Şagadam» — «Köpetdag»

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: