Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan ýurdumyz bütin dünýä boýunça hemmetaraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Bu alnyp barylýan döwlet syýasatynyň türkmen halkymyzyň halkara abraýynyň ýokary derejede ykrar edilmegine, halkymyzyň milli buýsanjy bolan Döwlet Baýdagynyň belentde parlamagyna ýardam edýär. Ene topragyň, ata Watanymyzyň mukaddes bolşy ýaly, Döwlet baýdagymyz hem mukkaddes hasaplanylýandyr.
Her bir şanly senäniň, baýramçylygyň aýratyn özboluşly öwüşgini bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni beýleki baýramçylyklardan aýratyn tapawutlydyr. Sebäbi, bu baýramçylyk ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Eziz diýarymyzda her ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ähli welaýatlarynda aýdym-sazly dabaralar, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň şowhunly baýramçylyk konsertleri, ylmy-amaly maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik çäreleri uludan geçirilýär. Şeýle taryhy günde ir bilen Türkmenistanyň Döwlet senasynyň dabaraly, joşgunly owazy astynda Döwlet Baýdagymyz belentde pasyrdap, baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ýüreklerini heýjana getirýär.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda döredildi we şol ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş Kanuny kabul edildi. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy-milletiň agzybirliginiň hem garaşsyzlygynyň we döwletiň bitaraplygynyň nyşanydyr. Ýurduň Konstitusiýasy hem döwletiň Esasy kanunydyr. Adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Baky Bitaraplygymyzyň we Garaşsyzlygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebediligimiziň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, geljegimiziň beýikdigini alamatlandyrýar.
Goý, asuda parahat asmanymyzda ýaşyl Tugumyzyň parlak keşbi ebedi bolsun. Ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýokary derejä göterip, türkmen halkyna şeýle ajaýyp, asuda durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersiniň mugallymy
Kulyýewa Oguljahan Döwletgeldiýewna.