Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz batly gadam bilen belent ösüşlere we rowaçlyklara beslenýär.
Däp bolşy ýaly her ýylyň maý aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk şowhun bilen dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Sebäbi şol günde asuda, parahat ýurdumyzda goşa baýram, goşa toý. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň asudalygynyň, erkinliginiň, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleriniň, ýetilen beýik sepgitleriniň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde birnäçe aýdym-sazly dabaralary, maslahatlary, wagyz-nesihat çäreleri, medeni-jemgyýetçlik çäreleri, baýramçylyga degişli sergileri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu baýramçylyk Watanyň geljegi bolan ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemeklik üçin öran ähmiýetlidir.
Türkmenistan-demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň maý aýynyň 18-ne Ýokary geňeşiň 14-nji mejlisinde kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak,
goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýilip bellenilýär. Aşgabat şäherinde ýerleşýän belent başly Konstitusiýa binasy ata Watanymyzyň beýik üstünliklerini, ösüşlerini özünde jemleýändir.
Baýramçylyk mynasybetli Konstitusiýa binasyna öwadan gül desselerini goýýarlar. Türkmenistanyň Baýdagy 1992-nji ýylyň fewral aýynyň 19-na tassyklanyldy. Ene topragymyzyň, ata Watanymyzyň mukaddesligi ýaly Döwlet baýdagymyz hem mukkaddesdir. Baky Bitaraplygyň, Garaşsyzlygyň ,
bagtyýarlygyň, berkarar döwletiň nyşany bolan Döwlet baýdagymyz türkmen halkynyň göz guwanjy, milli buýsanjydyr. Türkmen halky ýaşyl baýdagy dillerinde sena edip, mukkades baýdaga tagzym edip, döşlerine dakyp çuňňur sarpa goýýar.
Türkmenistan ýurdumyzyň şan-şöhratyny, at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Umumy adamzat ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.
Adalat ATAJANOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Heýkeltaraşlyk” bölüminiň mugallymy.