BIZE YAZYARLAR

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr

    Türkmen halkynyň altyn harplar bilen ýazyljak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni beýik-beýik ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ösüşiň täze basgançaklaryna galýan Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmagyň, onuň geljekki ösüşleriniň berk binýadyny döretmegiň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokary bolmagyna yzygiderli üns berilýär. Munuň bilen baglanşykly durmuşa geçirilýän özgertmeleri milli ölçeglere we halkara ülňülere laýyk getirmek, bilim ulgamynyň işiniň netijeli guralmagynda ösen ýurlaryň tejribelerinden peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolýar. Netijede, çalt depginler bilen ösýän we milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň esasy guralyna öwrülýän berk binýatly bilim ulgamy kemala getirilýär. Häzirki zaman milli bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyna we terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, tämiz ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. 2020-nji ýylyň 15-nji  sentýabrynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek  boýunça  Konsepsiýa kabul edilmegi  netijesinde  häzirki   döwürde bir bitewi bilim torlary birikdirilip, her bir ýokary we  orta hünär mekdeplerinde ýörite saýtlar döredildi.Olar hem sanly bilim ulgamy esasynda bir ulgama birikdirilýär. Biziň hem tehniki orta hünär okuw mekdebimizde sanly bilim  ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysaly hökümünde gysga möhletli okuwlar gurnalýar we widio sapaklar ýazgy edilýär.                             

           Türkmenistanda amala aşyrylan we amala aşyryljak syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň ählisi, şol sanda Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we milli hukuk ulgamymyzyň kämilleşdirilmegi-de ýurdumyzda raýat jemgyýetini we hukuk döwletini berkarar etmeklige gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň maksatlary barada Hormatly Prezidentimiziň  nygtaýşy ýaly biziň konstitusiýamyzda türkmen halkynyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmek, milli gymmatlyklarymyzy  we bähbitlerimizi yzygiderli goramak, raýat asudalygyny hem-de milli agzybirligi üpjün etmek döwlet gurluşynyň esasy maksatlary hökmünde bellenendigi aýratyn bellärlikdir. Her bir döwletiň konstitusiýasynyň özüne mahsus aýratynlyklary bolýar. Türkmenistanyň konstitusiýasynyň esasy aýratynlyklary hökmünde, onda berkidilen hukuk kadalarynyň agramly böleginiň ynsanyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegine gönükdirilendigini bellemek gerek. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň esasy özeni bolup durýar. Bu hakykat biziň döwletimiziň gurluşynyň esasy ýörelgesi. Munuň şeýledigine, döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň, Esasy Kanunymyzda berkidilen konstitusion-hukuk aňlatmasy bolan: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, namysyny, mertebesini we azatlygyny şahsyýetine eldegrilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar» diýen ynsanperwer kada hem şaýatlyk edýär.

Milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam bolmagy, konstitusion ulgamynyň kämilleşdirilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Medine Şirowa Sahetmuradowna

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallumy