JEMGYÝET

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjylary zähmetkeşleriň arasynda boldular  

Olar zähmet hakynda kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek maksady bilen Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda «Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary» atly okuw maslahatyny geçirdiler. Oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuk we tehniki gözegçileri hem-de zawodyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk gulluklarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynda raýatlaryň zähmet hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň döwlet kepillendirmelerini bellemek, zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini döretmek, işgärleriň we iş berijileriň hukuklarydyr bähbitlerini hem-de borçlaryny deň derejede kepillendirmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: