SYÝASAT

Türkmenistanyň iň ýokary wezipesine dalaşgär saýlawçylar bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki bir dalaşgär — teklipçi topar tarapyndan hödürlenen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew bilen duşuşyk boldy.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi, Ol milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürilmeginiň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şonuň ýaly-da, milli Liderimiziň başyny başlan hem-de ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň amala aşyrylmagyna uly üns berler. Ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak durmuş ugurly içeri syýasatyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galar, diýip belledi.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: