JEMGYÝET

Türkmenistanyň hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamasy boýunça okuw geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly maksatnamanyň çäklerinde okuw geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we welaýatyň etraplaryndan häkimlikleriň, saglygy goraýyş we bilim ulgamynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

Maksatnama Türkmenistanyň hökümeti, Birleşen Milletler Guramasy, onuň Durnukly ösüş maksatlarynyň bilelikdäki gaznasy bilelikde kabul edildi. Onuň esasy maksady ilatyň durmuş taýdan ynjyk gatlaklarynyň durmuşyny gowulandyrmakdan, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny güýçlendirmekden we ýerli derejede durmuş kömegini bermek ulgamyny girizmekden ybaratdyr. Onuň ýerine ýetirilmeginde dürli edaralaryň we guramalaryň hünärmenleriň öňünde uly wezipeler durýar. Olaryň bu ugurdan bilimini we başarnyklaryny artdyrmak maksady geçirlen okuwda maksatnamanyň esasy wezipeleri bilen birlikde, olary ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylmaly işler barada jikme-jik durlup geçildi. Maksatlara ýetmegiň usullary we görnüşleri giňden seljerildi. Dürli usullaryň üsti bilen emeli döredilen mysaly ýagdaýlarda anyk wezipeleri çözmegiň ýollary öwredildi. Okuwa gatnaşanlara gözükdiriji we usuly maglumatlar paýlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply