Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine 32 ýaşly hünärmen Ahmet Gurbanow bellenildi. Milli ýygyndynyň öňki kapitany we tejribeli oýunçysy bolan Gurbanowyň ýolbaşçylygynda topar 13-19-njy aprel aralygynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynyň III diwizionyna taýýarlyk görer. Tälimçi esasy ünsüň düzgün-nyzama we psihologik durnuklylyga beriljekdigini belläp, toparyň baş maksadynyň ikinji diwiziona çykmakdygyny nygtady.
Häzirki wagtda ýygyndy toparyň türgenleşikleri Türkmenistanyň IIM-niň «Galkan» gyşky sport oýunlary merkeziniň buzly meýdançasynda gyzgalaňly dowam edýär. Taýýarlyk tapgyryna hem tejribeli hokkeýçiler, hem-de zehinli ýaşlar çekildi. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy dünýä birinjiliginiň öňüsyrasynda oýunçylaryň tejribesini artdyrmak üçin daşary ýurt toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi hem meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň öňki kapitany indi onuň baş tälimçisi bolar
04
Feb
