TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, diýip, Türkmenistanyň Daşary işer ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda geçen 2021-nji ýylda pudagara toparynyň amala aşyran işleriniň netijelerine garap, gatnaşyjylar 2022-nji ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek bilen mejlisi dowam etdiler. Mejlisiň gün tertibine Altynjy Hazar Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Bu ugurda sammitiň dowamynda garalmagy meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere seredildi.

Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, hazarýaka döwletleriniň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we giňişleýin özara hereketleriň pugtalandyrylmagy maksady bilen bu ugurda geljekde hem netijeli işleri dowam etmeklige hemmetaraplaýyn ygrarlydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: