TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýeti dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi.

Resminamada müdiriýetiň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, olaryň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk, guşçulyk we balykçylyk bilen meşgullanmak, şeýle hem dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmek işini ýola goýmak arkaly kömekçi hojalyklarynyň işini döwrebap usulda kämilleşdirmek maksady bilen döredilýändigi bellenilýär. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr».

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: