TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň halkara giňişlikde esasy hyzmatdaşlyk saklaýan sebiti belli boldy

Türkmenistan häzirki wagtda Pars Aýlagynyň ýurtlarynyň Merkezi Aziýadaky esasy söwda hyzmatdaşy hasaplanýar. Bu barada Ýewraziýa ösüş banky habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Pars Aýlagynyň ýurtlarynyň (Bahreýn, Katar, Kuweýt, BAE, Oman, Saud Arabystany) arasyndaky söwda dolanyşygy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda 4,2 esse ýokarlandy.
Geçen ýyl agzalan sebitleriň arasyndaky söwda dolanyşygy 3,3 milliard amerikan dollaryna deň bolup, onuň 61 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Has takygy, 2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Pars Aýlagynyň ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda 2 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň ýokary görkezijidir.