SUNGAT ADAMLARY

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň täze kitaby çap edildi

Täze ýylyň öň ýanynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy  Döwletgeldi Annamyradowyň «Ömrümiň durnalary» atly uly göwrümli täze şygyrlar kitaby neşIr edildi. Ony çapa Türkmen döwlet neşirýat gullugy taýýarlady.

Ol «Illerim ynjamasyn», «Ömrümiň durnalary», «Ruhuň kölegesi», «Irki durnalar» diýen bölümlerden ybarat. Watan, ene, toprak, il-gün, tebigat hem-de yşky-liriki goşgular ýygyndyda giň orun tutýar. Gündogar edebiýatynyň ruhy dünýäsine hem-de dünýä poeziýasyna aralaşylyp ýazylan goşgular hem kitaba özboluşly öwüşgin berýär. Şahyryň ýarym asyrlyk  saýlama eserlerini öz içine alýan  «Ömrümiň durnalary» atly bu goşgular kitabyndaky şygyrlar owadan duýgulara, çuňňur filosofiki öwrümlere, täze öwüşginli edebi tapyndylara, öň ulanylmadyk hem garaşylmadyk täsin kapyýalara baýlygy bilen tapawutlanýar.

Şahyryň inçe lirizme ýugrulan «Ömrümiň durnalary» atly goşgular kitaby hem dürli döwürlerde poeziýa läheňleriniň mynasyp bahalaryna eýe bolmagy başaran «Söýgi sallançagy», «Gara perişde», «Dünýäniň yşky» atly kitaplarynyň doldurdy.

Kitap 5000 nusgada çap edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: