TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

Ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurduň özygtyýarlylygynyň 30 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watany ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar we wezipeler ýaly meseleleri girizmek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: