Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahaty Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlandy. Turkmenportal habar berýär.
Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri gatnaşdylar.