«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 21-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki mejlisinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi.

Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini hukuk esaslary, baş maksady we bu wekilçilikli edaranyň öňünde duran esasy wezipeler, onuň düzümi, işiniň esasy ýörelgeleri we guralyşy, hukuklary we beýleki meseleler beýanyny tapdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector