MEDENIÝET

«Türkmenistanyň Halk maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy» atly maslahat geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen bilelikde «Türkmenistanyň Halk maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk
maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler, kanunçylyk ulgamynda gazanylan netijeler we demokratiýanyň milli nusgasynyň orny barada çykyşlar diňlenildi.
Şeýle hem duşuşykda maslahata gatnaşyjylar kitaphana işgärleriniň taýýarlan «Belent maksatly işler rowaçlyga beslenýär» atly kitap sergisi bilen tanyşdylar.
Sergide ýurdumyzdaky jemgyýetçilik-syýasy ösüşleri, demokratik ýörelgeleri beýan edýän kitaplara aýratyn üns berildi. Bu çäre jemgyýetçilik guramalarynyň we kitaphanaçylaryň demokratik gymmatlyklary wagyz etmekdäki işleriniň bir bölegi hökmünde uly ähmiýete eýe boldy.