BIZE YAZYARLAR

Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygyna

Türkmenistanyň Halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi , ýurdumyzda belli bagşy – sazandalaryň ençemesiniň halypasy bolan Sahy Jepbarow türkmen saz sungatynyň görnükli wekilleriniň biridir.
Sahy Jepbarow 1905-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda dünýä inip, heniz on – on iki ýaşlaryndaka örän belent ses bilen aýdym aýdýandygy sebäpli “Oglan bagşy” adyny alýar. Onuň ilkinji halypalary agasy Allaberdi bagşy, oba bagşysy Şihdurdy Kara, Täçmämmet Suhangulyýew dagylar bolýar , soňra bolsa Sahy Aşgabada gidýär we ol ýerde Hally bagşa şägirtlige durýar.
1937-nji ýylda “Sahy bagşy” ady bilen tanalan ýiti zehinli Sahy Jepbarowa Türkmenistanyň hökümeti uly aýdym-saz toparyny döredip , oňa ýolbaşçylyk etmegi tabşyrýar. 1938-nji ýylda bolsa şol toparyň esasynda Türkmen döwlet filarmoniýasy açylyp, ondaky halk saz gurallar orkestri, Döwlet hory, tansçylar, bagşylar toparlary peýda bolýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda S.Jepbarow front brigadasy bilen 178 sany konsert berýär. Uruşdan soňky ýyllarda ençeme watançylyk aýdymlaryny döredip, Türkmenistanyň kompozitorlar birleşmesiniň hormatly agzasy hökmünde kabul edilýär we tä ömrüniň ahyrky günlerine çenli Türkmen döwlet filarmoniýasynyň ýolbaşçysy hökmünde zähmet çekýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde açylyp, ulanmaga berilen ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň ady dakylmagy bolsa, ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän ähli döredijilik işgärleri üçin diýseň ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.


“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen bellenen 2025-nji ýylynda bolsa Türkmen sazynyň görnükli wekili Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde konferensiýalar we konsertler bilen bellenilip geçilýär. Ilkinjiler hatarynda elbetde Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi “Halypalaryň ussatlyk mekdebi” atly aýdym-sazly dabarasyny geçirdi. Dabaranyň başynda ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat işgärleri Sahy Jepbarowyň döredijilik ýoly hakynda gürrüň berdiler. Soňra dabara täsirli konsert bilen dowam edip, onda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň , Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Konsertiň dowamynda halypa bagşy, sazanda we mukamçy kompozitor Sahy Jepbarowyň döreden we ýerine ýetiren aýdymdyr- sazlary täze öwüşgünde ýaňlandy.

Mahym ÖWEZOWA,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: