MEDENIÝET

Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa 70 ýaşady

Şu gün Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowanyň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi. Oňa teatryň sahna ussatlary we köp sanly döredijilik işgärleri hem gatnaşdy.
Bu dabaranyň myhmanlarynyň arasynda şu günler Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň wekilleri hem bar. Myhmanlar we dabara beýleki gatnaşyjylar 70 ýyllyk ömrüniň ýarym asyrdan gowragyny teatr sungatyna bagyşlan ussady doglan güni bilen gutladylar.
Dabaranyň dowamynda ussadyň zähmet ýoluna bagyşlanan wideogörnüşler görkezildi. Şeýle hem teatryň ýaş artistleri hormatly halypa bagyşlanan gysga göwrümli sahna eseri bilen çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: