JEMGYÝET

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi uruş weteranyna maýyplar üçin araba sowgat berdi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi Saýat etrabyndan ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weterany Mämet Ömirowa maýyplar üçin niýetlenen araba (kolýaska) sowgat etdi.

 

 

Jemgyýetiň wekilleri ozalyndan uruş weteranynyň islegini öwrendiler we Ýeňiş baýramynyň öň ýanynda onuňkyda myhmançylykda boldular. Esasy sowgadyň daşyndan ter gül dessesini we ýadygärlik sowgat hem gowşurdylar. Mämet aga myhmançylyga gelen wekillere özüniň söweş ýoly barada gürrüň berdi we edilýän aladalar üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ozal hem habar berimiz ýaly, Ýeňiş gününiň öň ýanynda uruş we tylda zähmet çeken weteranlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, kärhanalar, edaralar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem gymmat bahaly sowgatlar hem-de ter gül desseleri sowgat berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply