JEMGYÝET

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Halaç etrabyndaky wekiliniň guramagynda ähmiýetli çäreler geçirilýär

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Halaç etrabyndaky wekiliniň guramagynda ilatyň arasynda sanitar-aň bilim işleri alnyp barylýar. Dürli keselleriň öňüni almaga bagyşlanan düşündiriş işleri bilen bir hatarda, zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegi öwretmek, adamlaryň bu ugurdan başarnyklaryny kämilleşdirmek ýaly meseleleri içine alýan okuw maslahatlary hem geçirilýär.
Bulardan başga-da, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüni alyp barmagyň düzgünlerini öwredýän çäreler hem yzygider geçirilýär. Olara etrabyň bilim işgärleri, çagalar baglarynyň müdirleri gatnaşýarlar. Olar okuw maslahatlarynda öwrenenlerini terbiýeçilere öwredýärler. Terbiýeçiler hem, öz gezeginde, çagalar bilen arassaçylyk barada geçýän sapaklarynda bu bilimleri ulanýarlar.
Duşuşyklarda, ýokanç keseller, olaryň döreýşi, geçiş ýollary, bejerilişi we öňüni almagyň usullary barada düşünjeler hem berilýär. Gürrüňler has täsirli bolar ýaly, olara degişli hünärmenler çagyrylýar. Şeýle çäreler orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda hem guralýar.