JEMGYÝET

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň gurmagynda wajyp çäreler geçirilýär

Şu günler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Halaç etrabyndaky wekiliniň guramagynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda özüňi ýokanç kesellerden goramagyň usullaryna bagyşlanan duşuşyklar guralýar. Olara saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri işjeň çekilýär.
Duşuşyklarda ýokanç keseller, olaryň döreýşi, geçiş ýollary, bejerilişi we öňüni almagyň usullary barada düşünjeler hem berilýär. Şonda şahsy arassaçylygy saklamaga, keseliň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda ilkinji nobatda edilmeli hereketler, onuň beýlekilere geçmeginiň öňüni almak üçin näme etmelidigi barada hem gürrüň berilýär. Bedeni taplamak, onuň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin edilmeli işler ýatladylýar. Dürli witaminlere baý iýmitleri kabul etmek bilen bir hatarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti
düşündirilýär.
Şeýle duşuşyklar etrabyň birinji, bäşinji, altynjy, on ýedinji, ýigriminji we ýigrimi bäşinji mekdeplerinde geçirildi. Düşündiriş işleri dowam etdirilýär.