JEMGYÝET

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň guramagynda wagyz-nesihat işleri geçirildi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Halaç etrabyndaky wekiliniň guramagynda orta mekdeplerde we daýhan birleşiklerde wagyz-nesihat geçirildi.

Oba ilaty, mekdep mugallymlary we okuwçylar bilen geçirilen duşuşyklarda tebigy hadysalar, tehnogen ýagdaýlar bilen baglanyşykly betbagtçylyklar ýüze çykanda, adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydyklary barada giňişleýin düşündiriş berildi. Ýer titremesi, süýşmesi, harasat gopmagy, sil gelmegi, güýçli ýeller we şulara meňzeş beýleki hadysalar barada habarly bolmak, şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerini bilmek ýitgileriň öňüni almaga ýardam edýändigi aýdyldy. Şonuň ýaly-da, ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullary öwredildi.

Duşuşyklara gatnaşyjylara bular sada dilde düşündirilen ýatlamalar we bukletler paýlanyldy.

Şeýle çäreler Jumaguly Mähremow adyndaky, «Çohpetde», «Güýçbirleşik», «Lebap» daýhan birleşiklerinde, 5-nji, 6-njy, 11-nji, 23-nji we 29-njy orta mekdeplerinde geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: