JEMGYÝET

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň guramagynda mekdep okuwçylary bilen duşuşyklar geçirildi

Orta mekdepleriň okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi başlanmazynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guramagynda Dänew, Darganata we Çärjew etraplarynda mekdep okuwçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Onda tomus aýlarynda suwa düşmegiň düzgünlerini berjaý etmek, diňe bellenilen ýerlerde suwa düşmek barada düşündiriş geçirildi. Şonuň ýaly-da, suwa düşmezden ozal edilýän talaplar, gark bolany halas etmegiň ýollary we oňa lukman gelmezden ozal ilkinji lukmançylyk kömegini bermek barada hem gürrüň berildi. Duşuşyklaryň barşynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilmeginiň üstünde hem durlup geçirildi.

Duşuşyklara saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri, polisiýanyň ýerli wekilleri we mugallymlar hem gatnaşdylar hem-de öz ugurlary boýunça düşündiriş işlerini geçirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: