SYÝASAT

Türkmenistanyň gündogar sebitinde döwletiň iň ýokary wezipesine dalaşgär bilen duşuşyk geçirildi

Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow bilen Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň duşuşygy geçirildi, diýip, «Türkmenistan bu gün» habar berýär.

Ol özüniň saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň täze belent maksatlaryna ýetmäge, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga, durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirmäge, şäherleri we obalary mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga, bilimi, ylmy, medeniýeti ösdürmäge aýratyn üns berjekdigini belledi.

M.Ödeşow özüne bildirilen belent ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, ony halkymyzyň abadançylygynyň, eziz Diýarymyzyň rowaçlygynyň bähbidine çekýän zähmeti bilen ödejekdigine saýlawçylary ynandyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: