Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy ösüşe goşant goşmak boýunça giň möçberli işleri alyp barýar. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Bu forum ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze ugurlary boýunça pikir alyşmak, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler açdy.
Lebap welaýat gümrükhanasynyň işgärleri hökmünde biz hem bu halkara çärede öňe sürlen başlangyçlaryň we kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga taýýardyrys. Maslahatda ileri tutulan esasy ugurlaryň biri — söwda we ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegi, gümrük edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmekdir. Bu babatda
gümrük geçiş nokatlarynda elektron ulgamlar arkaly resminama dolanyşygynyň has-da ýeňilleşdirilmegi, halkara ýük daşamagyň tizligini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler biziň öňümizde durýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamynda alnyp barylýan ösüşli işlere laýyklykda, biz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň
pugtalanylmagyna öz hünär ussatlygymyz bilen hyzmat etmegi maksat edinýäris.
Farhadjan PIRIMOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
