TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň geljek ýyl GDA başlyklyk etmegine garaşylýar

10-njy oktýabrda Duşenbe şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) sammitinde 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, guramada başlyklygyň Türkmenistana geçirilmegi we nobatdaky sammiti Aşgabatda geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuri Uşakow habar berdi diýip, TASS
ýazýar.
Sammite Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri gatnaşarlar.
Ilki bilen, gepleşikler dar düzümde — wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň gatnaşmagynda geçiriler. Bu görnüşdäki duşuşykda döwlet Baştutanlary bilelikde alnyp barlan işleriň netijelerini jemläp, geljek üçin esasy wezipeleri kesgitlärler. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam eder.