TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar halkara forumy geçiriler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergi we halkara forum geçiriler — bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji fewralda geçirilen mejlisinde habar berildi.
Foruma gatnaşmaga daşary ýurt kompaniýalarynyň 70-e golaýynyň hasaba alnandygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek we forumy ýokary derejede geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.