TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuna bagyşlandy

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde geçirilen wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuna bagyşlandy, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Türkmenabat şäher häkimligi bilen şäher kazyýetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä Türkmenabat şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, bilim işgärleri gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler ýurtda geçen 30 ýylyň içinde gazanylan beýik ösüşler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňden gürrüň etdiler. Olar geçen döwürde ýurtda ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmäge, pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylandygyny bellediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: