Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy

Jul 16, 2021

Saýat etrabynyň Sakar şäher Medeniýet öýünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat we Saýat etrap komitetleriniň guramaklarynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alanyndan bäri geçen 30 ýylyň içinde ýurtda ýetilen sepgitler barada çykyşlar edildi. Soňra etrabyň 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebiniň partiýa hataryna kabul edilen mugallymlaryna TAP-niň agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Maslahatyň ahyrynda Medeniýet öýüniň aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi.

Adblock
detector