SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy özbegistanly futbolçylar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy ýerli «Bunýodkor» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi, diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Ýygyndy toparymyzyň doly artykmaçlygynda geçen bu duşuşykda futzalçylarymyz garşydaşyny 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Maksat Amanow, Gurbangeldi Sähedow (2), Allamyrat Gurbanow, Gylyçmyrat Gylyçmyradow hem-de Kadyr Berenow dagy geçirmegi başardylar.

Aziýanyň Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän ýurdumyzyň milli ýygyndysy ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny 5-nji aprelde Özbegistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynda sebitleriň dördüsine bölünen milli ýygyndylaryň 30-sy çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitinde geçiriljek saýlama duşuşyklarynda «A» toparçada çykyş eder. Ýygyndy toparymyzyň bu tapgyrdaky garşydaşlary Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy toparlary bolarlar. Bu sebitde geçiriljek saýlama tapgyrynyň «B» toparçasynda Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň milli ýygyndylary bäsleşerler.

Merkezi we Günorta sebitine wekilçilik edýän ýygyndylaryň saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynyň hemmesi hem Bişkek şäherinde geçiriler.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň birinji duşuşygy 10-njy aprelde geçiriler (Gyrgyz Respublikasy — Türkmenistan). 11-nji aprelde Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşjak ýygyndy toparymyzyň toparçadaky soňky garşydaşy Maldiwleriň ýygyndysy bolar (12-nji aprel).

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy toparlar Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Futzal boýunça Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň şu ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljekdigini bellemek gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: