SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogynyň final tapgyryna gatnaşar

 Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Merkezi we Günorta sebitinde geçirilýän saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen «A» toparçada bäsleşen ýygyndy toparymyz 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlamagy başardy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň futzal ýygyndysy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: