SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna täze maşyn berildi

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna «Hyundai H1» miniweni gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi «UEFA ASSIST» halkara programmanyň çäginde Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna goldaw berýär.
«UEFA ASISST» programmasy esasan: bilim we tejribe alyşmak; ýaşlar futbolunyň ösüşi; taslamalara goldaw bermek we infrastrukturany ösdürmek; UEFA agza bolan milli assosiasiýalaryň maksatnamalaryna goldaw bermek — ýaly dört ugurdan ybarat bolup, olaryň her biri FIFA agza bolan assosiasiýalara we konfederasiýalara goldaw berer

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: