SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň esasy futbol toparlarynyň biri baş tälimçisini çalyşdy

«Ahal» futbol kluby baş tälimçisi Welsähet Owezowy işden aýyrdy. Toparyň täze baş tälimçisi wezipesine klubyň öňki ýaşlar toparynyň başynda duran Eziz Annamuhammedow bellenildi. Bu barada halkara sport žurnalisti Aleksandr Troiskiý habar berdi.
Welsähet Owezowyň ýolbaşçylygynda «Ahal» futbol kluby iki gezek Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy hem-de soňky iki möwsümde Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna çykdy. Şeýle hem 2024/2025-nji ýylyň möwsüminde AFC-2 Çempionlar ligasynda topar saýlama tapgyrynda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» klubuny ýeňip, toparçalaýyn tapgyra çykmagy başardy. 43 ýaşly tälimçi «Ahalyň» baş tälimçisi wezipesinde 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri işläpdi, ondan ozal bolsa toparyň baş tälimçisiniň kömekçisi bolup zähmet çekipdi.