JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli keşdä bagyşlanan sergi açyldy

 Türkmen halkynyň milli mirasyny has dabaralandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergi guraldy we keşde gaýaýan zenanlar bilen duşuşyk geçirildi. Serginiň esasyny çeperçilik taýdan has kämil bolan we bahary ýatladýan «goçak», «para», «tegbent», «gülýaýdy» keşdeleri bilen bezelen gyzyl we ýaşyl reňkli, orta ýaşly zenanlar üçin sary we garrylar üçin ak bürençekler düzýär.

«Erikgül», «almagül», «tegbent» keşdeli donlar, mawy we ýaşyl begresler sergä milli öwüşgin berýär. Çaga eşikleri «daragt», «toýnuk», «okgözi» keşdeleri bilen bezelipdir. Öý goşlary hem görnükli ýerde goýlupdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: