YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda himiýa we ýeňil senagat önümlerine isleg bildirildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 251 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy. Täjigistanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşini, şeýle hem mineral dökünleri satyn aldylar.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 2 million 921 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 1 million 440 müň manatlyk ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: