JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ussatlyk sapaklary geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda latwiýaly nakgaş hem-de heýkeltaraş Ilona Romule keramiki gaplara nagyş çekmek boýunça ussatlyk sapaklaryny geçdi.

Ussatlyk sapaklarynda çeperçilik akademiýasynyň diňleýjileri syrçanyň üstünden nagyş çekmegiň tehnikasy bilen tanyşdylar, onuň çeperçilik stil aýratynlyklaryny öwrendiler we alan bilimlerini tejribede ulanyp gördüler.

Bu senedi gowy görýänler üçin Ilona Romule Aşgabatdaky nebit-gaz toplumynyň Medeniýet merkezinde açyk sapak geçdi. Bu ýerde professional däl nakgaşlar, şonuň ýaly-da çagalar we olaryň ene-atalary keramikany elde bezemegiň başlangyç bilimlerini aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: