SYÝASAT

Türkmenistanyň daşary ýurtlarda bolýan raýatlarynyň ses bermek hukuklary üpjün edilýär

Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek badaky merkezi toparynyň resmi saýtyna habar berlişine görä, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda daşary ýurtlarda bolýan türkmenistanly raýatlaryň ses bermek hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda jemi 41 sany saýlaw uçastogy döredildi. 

Öňünden ses bermek degişli ýurduň ýerli wagty bilen her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär. Öňünden ses bermek 11-nji martda sagat 18:00-da tamamlanar.

Saýlawlaryň geçirilýän güni, ýagny, 12-nji martda ses bermek degişli ýurduň ýerli wagty bilen sagat 07:00-dan 19:00-a çenli geçirilýär.