Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça üçünji maslahatyň netijeleri halkara derejesinde uly seslenme döretdi.
Maslahatyň netijesinde “Awaza syýasy Jarnamasy” kabul edilip, ol 14-nji oktýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji mejlisinde biragyzdan makullanyldy.
Hormatly Prezidentimiz bu halkara üstünlik bilen döwlet işgärlerini gutlap, Türkmenistanyň parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýäde giň goldaw tapýandygyny belledi.
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda halkara hyzmatdaşlyk giňelýär
20
Oct
