TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň jemlerine bagyşlanan brifing boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji mejlisine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine görülýän taýýarlyklara bagyşlanyp brifing guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Nobatdaky metbugat-brifingine ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Wepa Hajiýew biziň döwletimiziň sebit hem-de global ähmiýetli abraýly düzümleriň çäklerindäki halkara derejeli hereketleriniň hemmetaraplaýyn işjeňleşmegi nukdaýnazaryndan nobatdaky duşuşygyň derwaýys ähmiýetini nygtady. Milletimiziň Lideriniň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji mejlisiniň barşynda eden çykyşyndan gelip çykýan esasy ugurlary giňişleýin beýan etmek bilen, ol Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy döwlet hökmünde kabul edilmeginiň derwaýys ähmiýetini nygtap geçdi.

Brifinge gatnaşyjylar şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji Sammitine görülýän taýýarlyklaryň barşy bilen tanyş boldular.

Şu ýyl YHG-da Başlyk ediji hem-de Guramanyň agza-döwletleriniň Ýolbaşçylarynyň Sammitini özünde kabul edýän ýurt hökmünde Türkmenistan taýýarlyk işlerini ýokary derejede alyp barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: