MEDENIÝET

Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda sergi işläp başlady

Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda sergi işleýär. Onda däp bolup galan Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilýän döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylaryň işleri görkezilýär.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň ýazmagyna görä, oňa nakgaşlar, zergärler, teleoperatorlar, fotograflar, heýkeltaraşlar öz işlerini hödürläpdirler. Olaryň arasynda professionalar bilen bir hatarda çeperçilik mekdepleriniň talyplarynyň işleri hem bar.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralarynyň öň ýanynda yglan ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: