SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orna mynasyp boldy

Lebap küşt mekdebiniň wekili Lala Şöhradowa küşt boýunça 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplap, ikinji orna mynasyp boldy. Ol utuklary boýunça diňe 8 utuk toplan we ýurduň çempiony bolan aşgabatly Merýem Agajanowadan yza galdy. Üçünji orna 6,5 utuk bilen Ogulsuraý Baýramowa.

2015 ýylda Lala Şöhradowa dokuz ýaly okuwçylaryň arasynda dünýäniň çempiony bolupdy.

Ýaryşlara Aşgabat şäherinden we ýurduň ähli welaýatlaryndan 30 küştçi gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: