JEMGYÝET

Türkmenistanyň çäginde çilim önümleriniň söwdasy bilen diňe Söwda ministrliginiň garamagyndaky ýuridiki şahslar meşgullanyp bilerler

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrligi çilim önümleriniň söwdasynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Içeri işler ministrlikleri bilen ylalaşylan täze Düzgünlerini kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berilýär. Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda (https://minjust.gov.tm/mcenter-single-ru/490) çap edildi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň çäginde çilim önümleriniň lomaý we bölek söwdasy bilen diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň garamagyndaky ýuridiki şahslar meşgullanyp bilerler. Elektron çilimleriň we filtrsiz çilimleriň satuwy düýbünden gadagan edildi. Çilim önümlerini bölekleýin söwdasyny saklamak üçin ýörite şertler döredilen azyk harytlary we azyk satylmaýan dükanlaryň ýöriteleşdirilen bölümlerinde we seksiýalarynda alyp barmak bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: