BIZE YAZYARLAR

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda her bir täze ýyla döwrebap at goýmaklyk däbe öwrüldi. Şeýle ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Täze — 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip ýyly diýlip yglan
edilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwy, köňül islegi. Döwrümize şan berjek täze ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-
mertebesiniň belentliginiň alamatydyr. Sebäbi Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň dünýäde bu şygar astynda geçjekdiginiň özi munuň aýdyň subutnamasydyr.
15-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz binanyň depesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň heýkelini goýmak baradaky teklibi Mejlisiň, halkyň goldandygyny we şol pursatlaryň şaýady bolmagynyň has-da guwandyryjy waka öwrülendigini ýatlady.
Hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda ykrar edilen ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli guraljak dabaralar häzirki döwrüň ruhuna, milli toý dessurlaryna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydyr. Milli Liderimiz tutumly toýlarda Watanymyzyň ýeten derejesiniň, ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de ähli binalaryň bezeg işleriniň, reňkleriniň Bitaraplyk derejämize laýyk sazlaşygyny üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. 
Milli Liderimiz: «Bu taryhy ýer uly toýuň geçjek ýeri bolar» diýip, bu babatda toparyň agzalaryna degişli tabşyryklary berdi.
«Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga hem-de agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn üns çekdi.
Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyz halkara bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda halkara
gatnaşyklarynyň geljekde hem ösüşine mynasyp goşant goşar diýip, aýtdy.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan,
deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtadylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy — asyrlara, nesillere serpaýdyr. Türkmen topragynda, giň dünýäde hemişe parahatçylyk, birek-birege ynam höküm sürsün! Ojaklary saglyk-salamatlyk, abatlyk-rahatlyk, rysgallylyk-
döwletlilik, mylaýymlyk-mähribanlyk gurşasyn!

Aýjan HEMRAÝEWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy