JEMGYÝET

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry Akademiki boldy  

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesini berdi. Döwlet baştutany bu barada ýörite Karara gol çekdi.

Teatr (ozalky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatry) geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň soňunda işläp başlady. Onda ilkinji spektakl 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda görkezildi. 2006-njy ýylyň 10-njy iýunynda ol «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýip atlandyryldy.

Teatryň täze jaýy guruldy. Ol 1000 tomaşa niýetlenendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: