MEDENIÝET

Türkmenistanyň ähli ýerlerinden gelen suratkeşler Idris babanyň suratyny çekdiler

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de welaýatlardan gelen suratkeşleriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen duşuşygyň ilkinji güni Idris baba medresesine zyýarat etmekden başlandy. Has dogrusy, duşuşygyň esasy maksady bu taryhy ýadygärligi suratkeşleriň eserlerinde janlardyrmakdan ybarat boldy.

Çärä gatnaşyjylar döredijilik duşuşygynyň maksatnamasyna laýyklykda portret eserleriniň birnäçesini ýerine ýetirdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyna, Amyderýanyň kenaryna gezelençler guraldy.

Duşuşygyň ahyrky gününde sergiler zalynda suratkeşleriň Idris baba medresesini janlandyryp döreden ajaýyp eserleriniň sergisi guraldy. Bu ýerde suratkeşleriň kämil eserleriniň ýüze golaýy ýaýbaňlandyryldy.

Ussat suratkeşlere Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi, onuň welaýat şahamçasy hem-de welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: