YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda durnukly ösüş gazanylýar

16-njy dekabrda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime deň bolandygy bellenildi.

Şunda bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 104 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,1 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 179,9 göterim ýerine ýetirildi.

Gök önümleri öndürmekde 115,3 göterim, bakja önümlerini öndürmekde 109,3 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmekde 109 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmekde 105,2 göterim ösüş depginleri gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: