UNCATEGORIZED

«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy kabul edildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki geçiren maslahatynda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibinde garalan esasy mesele boldy. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda bu Kanunyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşmagyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy. Geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň ykdysadyýetiň her bir pudagy üçin girdeji we çykdajy maddalary boýunça maglumatlar giňişleýin beýan edildi we Döwlet býujetiniň serişdeleriniň esasy böleginiň durmuş ulgamyna gönükdirilýändigi nygtaldy. «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine hem-de makullanylmagyna biragyzdan ses berildi.

Şeýle hem maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: